‏ Song of Solomon 4

Ýigit: 1Neneňsi gözel sen, dildarym,
neneňsi gözel!
Bürenjegiň astynda
gögerçin gözlim.
Gilgat dagyndan inip gelýän
geçileriň sürüsine ogşaýar saçyň.
2Gyrkylyp,
suwdan çykyp gelýän
goýun sürüsine ogşaýar dişleriň.
Ählisi ekizlidir,
ýalky däldir olar.
3Gyrmyzy sapak deý dodaklaryň,
agzyň-da ne ajaýyp.
Bürençekde gizlenen ýaňaklaryň
enara meňzeýär.
4 Dawudyň gorhana diňidir boýnuň,
müň gerçegiň galkany asylgydyr ondan.
5Maýsalykda otlaýan ekiz jeren
owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
6Daň atyp,
kölegeler ýitýänçä,
mür dagyna,
ýakymly ysly tütetgi
baýryna giderin.
7Katdy-kamatyň neneňsi gözel,
eý, dildarym!
Sende hiç bir kemlik ýok.
8Liwandan bile gideli, eý, gelinligim;
Liwandan meniň bilen gaýt!
Amana depesinden,
Senir, Hermon depelerinden,
şirleriň sürenlerinden,
gaplaňly daglardan aşyp gel.
9Eý, ezizim, gelinligim,
köňlümi maýyl etdiň,
gözleriň bilen bir bakyşda,
boýnuň hünjüsiniň biri bilen
köňlümi maýyl etdiň.
10Ne şirin söýgiň seniň,
eý, ezizim, gelinligim!
Yşkyň şerapdan,
atyryňyň hoşboý ysy
ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!
11Dodaklaryňdan bal damýar,
eý, gelinligim;
bal bilen süýt bar diliň astynda;
lybaslaryňyň ýakymly ysy
Liwanyň hoşboý ysy deý.
12Eý, ezizim, gelinligim,
sen bir gapysy ýapyk bagsyň,
agzy ýapyk guýusyň,
möhürlenen çeşmesiň.
13Nahallaryň nar bakjasydyr:
saýlama miweleri bilen,
hyna hem nard atyrlary bilen,
14atyrdyr zagpyran bilen,
ysly gamyşdyr dalçyn bilen,
dürli ýakymly ysly agaçlar bilen,
hoşboý mürdür ahalot bilen,
dürli hoşboý ysly zatlar bilen.
15Sen bag çeşmesisiň,
şypaly suw guýusysyň,
Liwanyň akar suwusyň.
Gyz: 16Oýan, eý, demirgazyk ýeli!
Gel, eý, günorta ýeli!
Bagymyň üstünden öwüs,
onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn.
Ýarym öz bagyna gelsin,
saýlama miwelerini iýsin!
Copyright information for TukLat16