‏ Song of Solomon 6

Gyzyň boýdaşlary:

1Ýaryň nirä gitdi, eý, gözelleriň gözeli?
Haýsy ýana ýöneldi ol?
Ony yzlaly seniň bilen.
Gyz: 2Ýarym öz bagyna,
atyr saçýan gülhanasyna,
baglarda sürüsini bakmaga,
çigildemler ýygmaga gitdi.
3Ýarym meniňki, men onuňky;
sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.

Ýigit: 4Eý, dildarym,
Tirsa şäheri deý gözelsiň sen,
hoşroýsyň Iýerusalim deý,
tugly goşun deý şöwketli.
5Gözleriňi menden sow,
men olara bendi!
Gilgat dagyndan inip gelýän
geçi sürüsine ogşaýar saçyň.
6Gyrkylyp,
suwdan çykyp gelýän
goýun sürüsine ogşaýar dişleriň.
Ählisi ekizlidir,
ýalky däldir olar.
7Bürençekde gizlenen ýaňaklar
enara meňzeýär.
8Şanyň altmyş aýaly bar hem segsen gyrnagy,
gyzlar-da san-sajaksyzdyr.
9Gögerçinimiň, päkizämiň bolsa deňi-taýy ýok,
enesiniň eziz gyzy ol,
naýbaşysy ol.
Gyzlar ony görüp, oňa bagtly diýdiler;
şa aýallarydyr gyrnaklary ony öwdüler.
10Şapak deý ýalpyldaýan,
Aý dek gözel, Gün deý parlaýan,
tugly goşun deý şöwketli kim bu?

11Jülgäniň hasylyna seretmäge,
üzüm baglarynyň gunçalaryny,
narlaryň güllerini görmäge
hoz bagyna gitdim.
12Bilmän galdym, isleg-hyjuwym meni nädip
şanly halkymyň söweş arabalaryna mündürdi.
Copyright information for TukLat16