‏ Song of Solomon 7

Gyzyň boýdaşlary:

1Dolan, eý, şulamly gyz, dolan! Dolan, saňa bakaly, dolan.
Ýigit: Iki toparyň tansyna tomaşa edýän deý,
şulamly gyza bakjaksyňyz näme üçin?
2Ne gözel çarykly aýaklaryň,
eý, asylzada gyzy!
Butlaryň ökde zergäriň
elinden çykan göwher mysaly.
3Garyşyk şeraply hiç egsilmez
şa käse mysalydyr göbegiň.
Garnyň çigildemlere guşanan
bugdaý topbagyna meňzeýär.
4Ekiz jeren
owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
5Boýnuň pil süňkünden edilen diň deý,
gözleriň Batrabbim derwezesiniň
ýanyndaky Heşbon howuzlary deý.
Burnuň Damaska bakyp duran
Liwan diňi deý.
6Başyň Karmel dagy deý dik bolup,
zülpleriň benewşedir,
şa olara bendi boldy.
7Sen neneňsi gözel, neneňsi hoşroý,
eý, mylakatly dildarym!
8Boýuň serwi agajyna,
göwüsleriň üzüm salkymlaryna meňzeýär.
9Serwi agajyna çykyp,
şahalaryndan ýapyşaýyn diýdim.
Göwüsleriň üzüm salkymlary deý,
demiň almalar deý hoşboý,
10Dodaklaryň saýlama şerap deý lezzet eçilsin.
Gyz: Şerap ýarym üçin aksyn,
uklap ýatanlaryň dodaklaryndan süzülsin.
11Men ýarymyňky,
ol maňa maýyl.
12Eý, ýarym,
giň sähra çykaly, gel;
gel, oba gijelerine seýil edeli.
13Ir säher üzüm baglaryna gideli,
göreli, gunçalapmy,
gülläpmi üzüm,
hem-de nar.
Şol ýerde yşkymy bagyş ederin saňa.
14Mandragoralaryň
Mandragora – söýgi hyjuwyny artdyrýan ösümlik.
ysy bark urýar,
gapymyzda täze hem guradylan
dürli saýlama miweler bar,
olary seň üçin sakladym, eý, ýarym.
Copyright information for TukLat16