Song of Solomon 8
1Käşgä enemiň göwsünden emen agam deý bolsadyň maňa!Daşarda duşanymda, öperdim seni,
hiç kim meni ýazgarmazdy.
2Öňüňe düşüp,
enemiň öýüne getirerdim seni,
öwüt bererdiň sen maňa.
Hoşboý ysly şerapdan,
enarlarymyň suwundan içirerdim saňa.
3Sol eli kellämiň astynda,
Gujaklaýar meni sag eli bilen.
4Eý, Iýerusalim gyzlary,
size ýalbarýaryn:
özi isleýänçä
yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!
Gyzyň boýdaşlary: 5Ýaryna söýenip,
çölden çykyp gelýän kim?
Gyz: Alma agajynyň astynda oýardym seni.
Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni,
ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.
6Ýüregiňde,
goluňda sakla meni möhür deý;
çünki yşk ölüm deý güýçli,
gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz.
Yşkyň ýalny otly ýalyndyr,
lowlaýan ýalyndyr ol.
7Yşky ne bol suwlar söndürer,
ne-de derýalar ony gark edip biler.
Ynsan yşk üçin bary-ýoguny berse-de,
ol ýigrenç bilen ret edilerdi.
Gyzyň boýdaşlary: 8Kiçi uýam bar,
mämeleri heniz tözlenmedik,
uýamyza söz aýdylan güni
onuň üçin näme ederis?
9Diwar bolan bolsady ol,
üstünde kümüş diňler gurardyk,
gapy bolan bolsady,
ony kedr agajyna gaplardyk.
Gyz: 10Men bir diwar,
göwüslerim-de diňler deý.
Şoňa görä ýarymyň gözüne
kämil görünýän men.
11 Süleýmanyň Bagalhamonda
üzüm bagy bardy,
ony sakçylara tabşyrdy ol;
hersi hasyl üçin
müň kümüş teňňe bermelidi.
12Meniň-de üzüm bagym özümiňkidir;
eý, Süleýman, müň teňňe seniňki bolsun,
iki ýüz kümüş hasylyň sakçylarynyňky bolsun!
Ýigit: 13Eý, baglarda mesgen tutan!
Ýoldaşlarym owazyňy diňleýärler;
men-de owazyňy eşideýin.
Gyz: 14Ylga, eý, ýarym!
Bark urýan daglaryň üstünde
jeren deý, keýik owlagy deý bolgun.
Copyright information for
TukLat16