‏ Zechariah 11

1Eý, Liwan, derwezeleriňi aç, goý, ot kedr agaçlaryňy ýakyp ýok etsin!
2Eý, serwi, bagyr, çünki kedr agajy ýykyldy,
şöhratly agaçlar wes-weýran boldy!
Eý, Başanyň dublary, uwlaň,
çünki sümme tokaý ýer bilen ýegsan boldy!
3Çopanlaryň bagyryşyna gulak salyň;
olaryň şöhraty öçdi.
Arslanlaryň arryldysyna gulak goýuň;
Iordanyň etegindäki tokaý ýok edildi.

Iki çopan

4Meniň Hudaýym Reb şeýle diýýär: «Soýulýan sürä çopan bol. 5Sürini satyn alanlar goýunlary soýýarlar, ýöne jezalaryny çekmeýärler. Goýunlary satýan adam olara: „Rebbe alkyş bolsun, sebäbi men baýadym“diýýär. Çopanlaryň öz goýunlaryna haýpy gelmeýär. 6Mundan beýläk ýurduň ilatyna haýpym gelmez, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men olaryň her birini goňşusynyň hem-de patyşasynyň eline bererin. Olar ýurdy weýran ederler. Men ýeke adamy-da olaryň elinden halas etmerin».

7Şeýlelikde, goýun söwdagärleriniň hatyrasyna
Goýun söwdagärleriniň hatyrasyna – bu jümle käbir golýazmalarda esasanam, jebir gören sürä diýip duş gelýär.
men soýulmaly sürä çopan boldum. Elime iki taýak aldym-da, olaryň birini «Merhemet», beýlekisini bolsa «Bütewülik» diýip atlandyrdym. Şeýdip, sürini bakdym.
8Bir aýda üç çopany başymdan sowdum. Men goýun söwdagärlerini ýigrendim, olar hem meni ýigrendiler. 9Men olara: «Men siziň üçin çopançylyk etjek däl. Ölen – ölsün, ýumrulan – ýumrulsyn. Aman galanlar bolsa biri-biriniň etini iýsinler» diýdim. 10Ähli halklar bilen eden ähtimi bozmak üçin «Merhemet» diýip atlandyran taýagymy aldym-da, ony döwdüm. 11Hut şol günüň özünde äht bozuldy. Jebir çeken goýunlar – olar maňa seredip durdular – munuň Rebbiň sözüdigine göz ýetirdiler. 12Soňra olara: «Eger muny dogry hasaplasaňyz, onda muzdumy beriň, eger nädogry hasaplasaňyz, muzd gerek däl» diýdim. Şeýlelikde, olar maňa otuz kümüş teňňe çekip berdiler. 13Reb maňa: «Olaryň Maňa kesen bir şaýa degmeýän bahasyny al-da, küýzegäre taşlap ber» diýdi. Onsoň men otuz kümüş teňňäni aldym-da, Rebbiň ybadathanasyndaky küýzegäre taşladym. 14Soňra men Ýahuda bilen Ysraýylyň arasyndaky doganlyk gatnaşygyny bozmak üçin «Bütewülik» diýen ikinji taýagymy-da döwdüm.

15Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Derde ýaramaýan çopanyň gurallaryny ýene-de al. 16Men şu ýurda bir çopan goýjakdyryn, ol ölüm ýassygynda ýatanyň aladasyny etmez, ýiteni idemez, maýyby bejermez, sag adamyň garnyny doýurmaz. Gaýtam ol semizleriň etini iýip, toýnaklaryny goparar.

17Sürini taşlaýan,
derde ýaramaýan çopanyň dat gününe!
Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun.
Eli bütinleý gurasyn,
sag gözi sokur bolsun».
Copyright information for TukLat16