‏ Zechariah 13

1Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.

Butparazlygyň we ýalan pygamberligiň soňy

2Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn. 3Eger kimdir biri ýene pygamberlik edäýse, ata-enesi oňa: «Sen diri galmarsyň, sebäbi Rebbiň adyndan ýalan sözleýärsiň» diýer. Ol pygamberlik edende, ata-enesi ony pyçaklar. 4Şol gün her bir pygamber pygamberlik edýän wagtynda görnen görnüşlerden utanar, adamlary aldamak üçin pygamberleriň ýüň donuny geýmez. 5Ol: «Men pygamber däl, men – daýhan. Ýaş wagtym biri meni gul edip satyn alypdyr» diýer. 6Eger ondan: «Döşüňdäki ýaraň näme?» diýip sorasalar, ol: «Bu dostlarymyň öýündekäm boldy» diýip jogap berer.

7Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna!
Oýan ýakynymyň garşysyna.

Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar.
Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.
8Tutuş ýurduň,
üçden ikisi gyrlyp heläk bolar,
üçden biri diri galar.

Muny Reb aýdýandyr.
9Şol galan üçden birini otdan geçirerin,
olary kümüş kimin saplaryn,
altynyň barlanyşy ýaly synaryn.
Olar Maňa dileg ederler,
Men olara jogap bererin,
«Bu – Meniň halkym» diýerin;
Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.
Copyright information for TukLat16