Zechariah 14
Soňky söweş
1Ine, Rebbiň güni gelýär! Eý, Iýerusalim halky, sizden alnan olja öz gözüňiziň alnynda paýlaşylar. 2Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz. 3Onsoň Reb çykyp, söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar. 4Şol gün Onuň aýagy gündogarda – Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner; dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta çekiler. 5Siz Rebbiň dagynyň jülgesiniň içi bilen gaçarsyňyz, sebäbi ol jülge Asele çenli uzalyp gider. Siz şonda Ýahuda patyşasy Uzyýanyň döwründe bolan ýertitremeden gaçyşyňyz ýaly gaçarsyňyz. Şol wagt meniň Hudaýym Reb ähli mukaddesler bilen bile geler. 6Şol gün yşyk bolmaz, asmandaky yşyk çeşmeleri doňar. 7Ol diňe Rebbe aýan bolan aýratyn bir gün bolar. Ol ne gündize meňzär, ne-de gijä; agşamyna ýagty bolar. 8Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder. 9Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar. 10Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar. 11Iýerusalimde adamlar ýaşar, ol indiden beýläk ýok edilmez. Şäher howpsuz bolar. 12 Iýerusalimiň garşysyna urşan milletleri Reb şu belalar bilen jezalandyrar: heniz aýak üstünde gezip ýörkäler – tenleri, hanasyndaka – gözleri, agyzlaryndaka – dilleri çüýrär. 13Şol gün olary Reb uly aljyraňňylyga salar, her kim öz gapdalyndakynyň elinden tutar, biri-birine ýumruk salarlar. 14Hatda ýahudalar-da Iýerusalimde urşarlar. Daş-töwerekdäki ähli milletleriň baýlygy: uly möçberde altyn-kümşi, geýimleri ýygnalar. 15Atlardyr gatyrlara, düýelerdir eşeklere hem-de olaryň düşelgelerinde bolan beýleki ähli haýwanlara-da şunuň ýaly belalar bilen jeza berler. 16 Iýerusalimiň üstüne çozan milletlerden aman galanlary Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek hem-de Çatma baýramyny bellemek üçin ýylyň-ýylyna Iýerusalime giderler. 17Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek üçin ýer ýüzündäki halklardan Iýerusalime gitmedikler ýagyş garasyny görmez. 18Eger Müsür nesli hem gidip, şuny berjaý etmese, Reb olara-da Çatma baýramyny bellemäge gitmedik halklaryň başyndan inderen belasyny inderer. 19Müsüriň hem-de Çatma baýramyny bellemäge gitmedik milletleriň ählisiniň jezasy şeýle bolar. 20Şol gün hatda atlaryň jaňjagazlaryna-da «Rebbe bagyş edilen» diýip ýazylar; Rebbiň ybadathanasyndaky gazanlar hem gurbanlyk sypasynyň öňündäki jamlar ýaly bolar. 21Iýerusalimdäki hem-de Ýahudadaky her bir gazan Hökmürowan Rebbe bagyş ediler. Gurbanlyk bermäge gelenler olary gurbanlyk etini bişirmek üçin ulanarlar. Şol günden beýläk Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynda ýekeje-de söwdagär bolmaz.
Copyright information for
TukLat16