‏ Zechariah 3

Dördünji alamat: Ýeşuwa we şeýtan

1Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany
Ýeşuwa – seret: Ezr 3:2; 5:2. Bu at halasgär diýmegi aňladýar. Sözlükde «halasgär» sözüne seret.
hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm.
2Reb şeýtana şeýle diýdi: «Reb saňa käýeýär, eý, şeýtan, Iýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan kesindi dälmi näme?» 3Perişdäniň öňünde duran Ýeşuwanyň egnindäki geýimi kirlidi. 4Perişde öňünde duranlara: «Onuň kirli geýimlerini çykaryň» diýdi. Ol Ýeşuwa ýüzlenip: «Seret, günäňi aýryp taşladym, men saňa toý lybasyny geýdirýän» diýdi. 5Onsoň men – Zakarýa: «Ýeşuwanyň başyna tämiz selle orasynlar» diýdim. Olar onuň başyna tämiz selle oradylar, ony geýindirdiler. Rebbiň perişdesi-de onuň ýanynda durdy.

6Rebbiň perişdesi Ýeşuwa şeýle güwä geçdi: 7«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyryklarymy ýerine ýetirseň, sen Meniň ybadathanamy dolandyrarsyň, howlularyma gözegçilik edersiň. Men saňa şu ýerde duranlaryň arasynda gezmek hukugyny bererin. 8Indi gulak salyň, eý, baş ruhany Ýeşuwa, sen we öň ýanyňda oturan ruhanylar – siziň hemmäňiz geljekde boljak işleriň alamatysyňyz. Men Şaha diýen gulumy orta çykarjakdyryn. 9Ine, Ýeşuwanyň öňünde goýan ýedi gözli daşym. Men onuň ýüzüne oýup hat ýazjak. Men bir günüň içinde şu ýurduň günäsini aýryp taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. 10Şol gün siz biri-biriňizi üzüm hem-de injir agaçlaryňyzyň aşagyna oturmaga çagyrarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr“».
Copyright information for TukLat16