Zechariah 4
Bäşinji alamat: çyradan we zeýtun agaçlary
1Meniň bilen gepleşen perişde ýene geldi-de, meni ukudan oýaran ýaly edip turuzdy. 2Ol menden: «Näme görýäň?» diýip sorady. Men: «Guýma altyndan edilen çyradany görýärin; onuň depesinde ýag gaby, üstünde ýedi çyra, ýedi çyranyň her biriniň ýedi turbajygy bar. 3Olaryň ýanynda iki sany zeýtun agajy bar. Olaryň biri ýag gabynyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapynda» diýip jogap berdim. 4Men perişdeden: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym. 5Meniň bilen gepleşen perişde: «Bularyň nämedigini bileňokmy?» diýip sorady. Men: «Ýok, jenabym» diýdim. 6Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 7Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“diýip gygyrar». 8Şeýle hem maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 9«Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen – Zerubabyl bilersiň. 10«Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir». 11Men ol perişdeden: «Onda çyradanyň sagyndaky hem çepindäki iki düýp zeýtun agajy nämäni aňladýar?» diýip soradym. 12Ondan ýene-de: «Iki altyn turbajygyň üsti bilen altyn reňkli ýag çykaryp duran zeýtun agajynyň iki şahasy nämäni aňladýar?» diýip soradym. 13Ol menden: «Bularyň nämedigini bileňokmy?» diýip sorady. Men: «Ýok, jenabym» diýdim. 14Ol: «Bular başyna ýag çalnyp saýlanyp, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişidir» diýip jogap berdi.
Copyright information for
TukLat16