‏ Zechariah 8

Reb Iýerusalimi dikeltmäge söz berýär

1Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi aýan boldy: 2«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Siony juda gabanýaryn, ony gahar-gazap bilen gabanýaryn“». 3Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“diýlip atlandyrylar». 4Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Elleri hasaly gojalardyr kempirler ýene-de Iýerusalimiň köçelerinde oturarlar. 5Şäheriň köçeleri oýnap ýören oglan-gyzlardan dolar». 6Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde halkyň aman galanlarynyň gözüne bu mümkin däl ýaly görünse, Maňa-da şeýle görünmelimi? Muny Hökmürowan Reb – Men aýdýandyryn». 7Hökmürowan Reb: «Men Öz halkymy gündogar hem günbatar ýurtlaryndan halas ederin. 8Men olary ýene Iýerusalime ýaşamaga getirerin. Olar Meniň halkym bolar, Men olaryň wepaly hem adalatly Hudaýy bolaryn» diýýär.

9Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun! 10Şol günlerden öň ynsan üçinem, haýwan üçinem paç alynmazdy, gelýän-gidýänem üçin duşmandan ýaňa rahatlyk ýokdy, sebäbi Men adamlary biri-biriniň garşysyna öjükdiripdim. 11Emma indi Men bu halkyň aman galan bölegine beýle etmerin. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. 12Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek. 13Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»

14Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ata-babalaryňyzyň gaharymy getirendikleri üçin, Men olaryň başyna betbagtçylyk getirmegi ýüregime düwdüm we pikirimi üýtgetmändim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. 15Emma Men şu günlerde Iýerusalime hem-de Ýahuda ýene ýagşylyk etmegi ýüregime düwdüm. Gorkmaň! 16Siziň etmeli işleriňiz, ine, şulardyr: biri-biriňize diňe hakykaty aýdyň, kazyýetde adalatly hem parahatçylyk döredýän höküm çykaryň. 17Biri-biriňize garşy pislik etmäň, ýalan ýere ant içmekden gorkuň; bularyň bary Meniň ýigrenýän zatlarymdyr. Muny Reb aýdýandyr».

18Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi aýan boldy: 19«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky
Dördünji… hem-de onunjy aýlar – seret: 2Pat 25:1 we Ýrm 39:2.
agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».

20Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýene-de halklar we köp şäherleriň ilaty geler. 21Bir şäherde ýaşaýanlar başga bir şähere gidip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbe ýalbaralyň, Hökmürowan Rebbiň gözlegine çykalyň. Ine, men-ä ýola düşdüm“. 22Ençeme halklar, güýçli milletler Hökmürowan Rebbi gözlemäge we Rebbe ýalbarmaga Iýerusalime gelerler». 23Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“diýerler».
Copyright information for TukLat16