‏ Zechariah 9

Ysraýylyň duşmanlary jezalandyrylýar

1 Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Hadrak ýurduna degişli sözüdir.
Bu söz Damask şäherinde galar.
Rebbe degişlidir Siriýa şäherleri
we ysraýyl tireleri
Rebbe degişlidir Siriýa şäherleri we ysraýyl tireleri – ýa-da Ähli ysraýyl tireleri Rebbiň nazaryndadyr, bütin adamzat hem.
.
2Bu söz Hadrak bilen araçäkdeş bolan Hamat ýurduna,
juda parasatly Sur bilen Sidon şäherlerine hem degişlidir.
3 Sur özüne berkitme gurdy,
gum kimin kümüş,
köçe hapasy ýaly altyn üýşürdi.
4Emma Reb onuň bar ýygnanjasyny
elinden alar indi.
Deňizdäki güýjüni ýok eder,
şäheri ot ýalmap-ýuwudar.
5Ony görüp, Aşkelon gorkar,
Gaza yzadan ýaňa jebir çeker,
umytdan düşen Ekron-da şeýle eder.
Gazanyň şasy ýok ediler,
Aşkelon ilatsyz galar.
6Aşdotda dürli milletlerden garyşan halklar ýaşar,
Men piliştlileriň tekepbirliginiň soňuna çykaryn.
7Alaryn agyzlaryndan ganly etlerin,
dişleriniň arasyndan nejisliklerin.
Aman galanlar Hudaýymyza degişli bolar,
Ýahudanyň tiresi ýaly bolar,
Ekron ýabuslar kimin bolar.
8Goragçy hökmünde Öz mekanymda düşlärin,
ýeke adam hem eýläk-beýläk geçmez.
Sütemkär aman galanlara aralaşmaz,
çünki indi olara hut Özüm nazar salaryn.

Patyşa gelýär

9Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan!
Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr!
Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär.
Adyl hem ýeňijidir Ol!
Ol bir eşege,
eşegiň-de taýharyna münüp,
pes göwünlilik bilen saňa gelýär.
10Efraýymyň söweş arabalaryny,
Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin,
söweş ýaýlary omrulyp taşlanar.
Ol halklara abadançylygy berkarar eder.
Hökümdarlygy deňizden-deňze,
derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.
11Sizi bolsa gurbanlyk gany bilen baglaşan ähtim üçin,
tussagdakylaryňyzy gurruk guýudan çykararyn.
12Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň!
Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.
13 Ýahudany ýaý ýaly edip egerin,
Efraýymy bolsa şol ýaýyň oky ederin.
Eý, Sion, ogullaryňy greklere garşy galdyraryn!
Seni elimde urşujynyň gylyjy dek oýnaryn.
14Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar,
ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy.
Hökmürowan Reb surnaý çalar-da,
günortadan harasat turzup, ýola düşer.
15Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar.
Halk öz duşmanlaryny ýok edip,
sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler.
Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar.
Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup,
gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.
16Şol gün olaryň Hudaýy Reb halas eder,
çünki olar çopan sürüsi kimindir.
Olar täjiň gymmatbaha gaşlary ýaly
Hudaýyň ýurdunda şöhle saçarlar.
17Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar!
Bol bugdaý hem täze şerapdan
gyz-ýigitler gül açarlar.
Copyright information for TukLat16