1 Chronicles 11:1-9
Dawut Ysraýyla hem-de Ýahuda patyşa bolýar
(2 Şamuwel 5:1-10)
1Ähli ysraýyllar Hebrondaky Dawudyň daşyna ýygnanyp, oňa şeýle diýdiler: «Biz seniň öz süýegiňden, öz teniňdendiris. 2Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Hudaýyň Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, halkym Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“diýipdi» diýdiler. 3Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna geldiler. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Rebbiň Şamuweliň üsti bilen aýdan sözüne laýyklykda, Dawudyň başyna ýag guýup, ony Ysraýyla patyşa bellediler. 4 Dawut we tutuş Ysraýyl Iýerusalime, ýagny Ýabusa – ýabuslylaryň mekanyna ýöriş etdiler. 5Ýabusyň ilaty Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň» diýdiler. Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar. 6Dawut: «Ýabuslylara kim öňürti zarba ursa, şol goşun serkerdesi bolar» diýdi. Seruýanyň ogly Ýowap öňürti zarba urup, goşun serkerdesi boldy. 7Dawut galada mesgen tutdy. Şonuň üçin hem ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdylar. 8Ol Millodan ▼▼Millo – toprak bilen doldurylan jaýryk ýa-da boşluk ýer bolmagy ahmal. Sözlüge seret.
başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy. Ýowap bolsa galanyň galan bölegini bejerdi. 9Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, çünki Hökmürowan Reb onuň bilendi.
Copyright information for
TukLat16