1 Chronicles 11:10-41
Dawudyň batyr ýigitleri
(2 Şamuwel 23:8-39)
10Rebbiň Ysraýyl babatdaky sözi boýunça, Dawudyň batyr ýigitleriniň baştutanlary we tutuş ysraýyl halky onuň höküm sürmegini berk goldadylar. 11Dawudyň batyr ýigitleri şulardy: Hakmonynyň ogly Ýaşobgam. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde üç ýüz adamy öldürdi. 12Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. 13Piliştliler Pasdammymda söweşmek üçin toplanyşanlarynda, ol hem şol ýerde Dawudyň ýanyndady. Ol ýerde arpa ekilen bir bölek ýer bardy. Halk piliştlilerden gaçdy, 14ýöne Elgazar bilen Dawut meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri goradylar we piliştlileri gyrdylar. Reb olary uly ýeňiş bilen halas etdi. 15Otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, gaýadaky Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny bolsa Rapa jülgesinde düşläpdi. 16Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady. 17Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi. 18Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi. 19Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Hudaýym! Ýüregine daş baglap giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi. 20Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamy öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. 21Ol üç batyr ýigitden iki esse artyk hormatlandy. Abyşaý ýigitleriň biri bolmadyk-da bolsa, olara baştutan boldy. 22Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi; şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi. 23Ol boýy bäş tirsek bolan müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde dokma agajy ýaly naýzasy bardy. Benaýa onuň üstüne taýakly topulyp, elindäki naýzasyny alyp, öz naýzasy bilen onuň özüni öldürdi. 24Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. 25Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy. 26Goşunlaryň batyr ýigitleri şulardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan, 27harotly Şammot, pelonly Heles, 28tekowaly Ikeşiň ogly Yra, anatotly Abygezer, 29huşaly Sibekaý, Ahowanyň nesli Ylaý, 30netopaly Maharaý, netopaly Bagananyň ogly Helet, 31benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý, pirgatonly Benaýa, 32Gagaş jülgelerinden Huraý, arbaly Abyýel, 33bahurymly Azmawet, şagalbynly Elýahba, 34gizonly Haşem, hararly Şageniň ogly Ýonatan, 35hararly Sakaryň ogly Ahyýam, Uruň ogly Elipal, 36mekeraly Heper, pelonly Ahyýa, 37karmelli Hesro, Ezbaýyň ogly Nagaraý, 38Natanyň dogany Ýowel, Hagrynyň ogly Mibhar, 39ammon halkyndan Selek, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýaragçy nökeri beýerotly Nahraý, 40ýytra urugyndan Yra we Garep, 41het halkyndan Uryýa, Ahlaýyň ogly Zabat,
Copyright information for
TukLat16