1 Chronicles 17:16-27
Dawudyň minnetdarlyk dilegi
(2 Şamuwel 7:17-29)
16Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa, Hudaýymyz Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly, meniň maşgalam kim? 17Ýa Hudaýymyz Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Sen maňa belent mertebeli adam ýaly garaýarsyň, ýa Hudaýymyz Reb! 18Öz guluňa beýle hormatyň üçin Dawut Saňa näme diýip biler? Sen Öz guluňy tanaýarsyň ahyryn! 19Sen guluňyň hatyrasyna, Öz göwün islegiňe görä bu beýik işi etdiň; bu beýik işleriň ählisini aýan etdiň. 20Eý, Reb, Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik. 21Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri olaryň öňünden kowup çykardyň. 22Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň; Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň. 23Indi bolsa, Sen, ýa Reb, Öz guluň hem onuň nesli hakda aýdan sözüňi ebedi sakla-da, diýşiň ýaly et! 24Goý, ynsanlar „Hökmürowan Reb Ysraýylyň Hudaýydyr“diýip, guluňyň neslini berkarar etsinler, adyňy ebedilik belende götersinler. Guluň Dawudyň nesli Seniň öňüňde kuwwatlansyn. 25Sen, eý, Hudaýym, „Saňa nesil berjek“diýip, guluňa Özüň aýan edipdiň. Şoňa görä-de, guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi. 26Ýa Reb, Sen Hudaýsyň. Şu ýagşylyklary guluňa Sen wada etdiň. 27Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Reb, Seniň pataň bilen guluňyň nesli baky pataly boldy we patalydyr!»
Copyright information for
TukLat16