1 Kings 10:1-13
Şeba melikesi Iýerusalime gelýär
(2 Ýyl ýazgylary 9:1-12)
1Şeba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. 2Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary sorady. 3Süleýman onuň ähli sowallaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. 4– 5Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, olaryň egin-eşiklerini, onuň sakylaryny, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. 6– 7Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa onuň ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken. 8Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly! 9Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi». 10Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman ▼▼Iki ýüz batman – ýewreýçe ýüz ýigrimi kikkar. Bu takm. 4 tonna deňdir.
altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi. 11Hiramyň Opyrdan altyn getiren gämisi ol ýerden köp mukdarda sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdi. 12Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne söýeler, aýdymçylar üçin liradyr arfalar ýasady; beýle sandal agajy şu güne çenli görlüp-eşidilmändi. 13 Süleýman patyşa Şeba melikesine öz eçilen zatlaryndan daşary onuň göwnüniň islän zadyny berdi. Şeýdip, Şeba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy.
Copyright information for
TukLat16