1 Kings 10:14-28
Süleýmanyň baýlyklary
(2 Ýyl ýazgylary 9:13-28)
14– 15Süleýmana bir ýylda gelen altynyň agramy alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan, ähli arap şalaryndan, ýurduň häkimlerinden gelen altyndan daşary bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy ▼▼Bir müň bir ýüz otuz batman – ýewreýçe alty ýüz altmyş alty kikkar. Bu takm. 23 tonna deňdir.
. 16Süleýman patyşa döwme altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak ▼▼On ýedi gadak – ýewreýçe alty ýüz şekel. Bu takm. 7 kg deňdir.
altyn sarp edildi. 17Ol döwme altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana dört ýarym gadak ▼▼Dört ýarym gadak – ýewreýçe üç mina. Bu takm. 1,8 kg deňdir.
altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy. 18Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady. 19Tagtyň alty basgançagy bardy, arka tarapdan tagtyň depesi tegelekdi, kürsiniň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy. 20Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy. 21Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüşden hiç zat ýokdy, sebäbi kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi. 22Çünki Süleýmanyň Hiramyň gämileri bilen birlikde deňizde gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil dişini, maýmynlary we tawuslary getirerdiler. 23Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. 24Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy. 25Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň-ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi. 26 Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady; onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgerleri ▼▼Söweş arabaly esgerleri – ýa-da atlylar.
bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. 27Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. 28Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar.
Copyright information for
TukLat16