‏ 1 Kings 22:29-35

Ahabyň ölümi

(2 Ýyl ýazgylary 18:28-34)

29Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler. 30Ysraýyl patyşasy Ýehoşapada: «Meni tanamazlar ýaly, men söweşe eşigimi üýtgedip girjek, ýöne sen öz şalyk lybasyňy geý» diýdi. Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy eşigini üýtgedip, söweşe girdi. 31Siriýa patyşasy öz söweş arabalarynyň otuz iki serkerdesine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, eýsem ýalňyz Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy. 32Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapady görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy. 33Söweş arabalarynyň serkerdeleri onuň Ysraýylyň patyşasy Ahap däldigini görenlerinde, yzlaryna dolandylar. 34Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýylyň patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi. 35Şol gün söweş gaty gyzgalaňlydy. Patyşa öz söweş arabasynda siriýalylara tarap bakyp durdy. Onuň ýarasynyň gany arabanyň içi bilen aşaklygyna syrygyp akýardy; ol agşamara öldi.
Copyright information for TukLat16