1 Kings 7:15-22
15Hiram iki sany bürünç sütün ýasady. Her sütüniň beýikligi on sekiz tirsek, töweregi on iki tirsekdi. 16Ol şeýle hem sütünleriň depesinde goýmak üçin bürünçden guýlan iki sany täç ýasady. Her täjiň beýikligi bäş tirsekdi. 17Sütünleriň depesindäki täçler tor şekilli örme zynjyrlar bilen bezelendi. 18Ol her sütüniň depesindäki täçleriň üstüni bürär ýaly, her örme zynjyryň töweregine bürünçden ýasalan iki hatar nar aýlady. 19Eýwandaky sütünleriň depesindäki täçler liliýa gülüniň şekilinde bolup, olaryň beýikligi dört tirsekdi. 20Täçler iki sütüniň hem-de örme zynjyrlaryň ýokarsyndaky tegelek güberçek ýerde goýuldy. Her täjiň töweregine hatarlap, iki ýüz nar aýlandy. 21Ol sütünleri ybadathananyň eýwanynda dikdi. Ol günortada sütün dikip, onuň adyna Ýakin dakdy. Ol demirgazykda-da sütün dikip, onuň adyna Bowaz dakdy. 22Sütünleriň depesinde liliýa şekilli nagyşlar bardy. Şeýdip, sütünleriň işi tamamlanyldy.
Copyright information for
TukLat16