‏ 1 Kings 7:23-51

23Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligini bäş tirsek edip, guýma bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi. 24Howzuň erňeginiň aşagynda daşyna aýlanan, hersi on tirsek bolan iki hatar ökuz şekilli guýma nagyşlar bardy. Olar howuz bilen bile guýlup ýasalandy. 25Howuz on iki öküziň üstünde durdy; öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, galan üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Howuz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy iç tarapa bakyp durdy. 26Howzuň galyňlygy dört barmakdy, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol ýedi ýüz hum
Ýedi ýüz hum – ýewreýçe iki müň bat. Bu takm. 44000 litre deňdir.
tutýardy.

27Ol on sany bürünç araba ýasady. Arabalaryň hersiniň uzynlygy, ini dört tirsek, beýikligi üç tirsekdi. 28 29Arabalaryň şekili şunuň ýaly: daşy çarçuwalanan, dört gyraňly tagtalar ýasalyp, olara ýolbarslaryň, öküzleriň we keruplaryň şekilleri haşamlanypdyr. Ýolbarslaryň we öküzleriň ýokarsyndaky we aşagyndaky çarçuwalara, egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy. 30Her arabanyň dört bürünç tigri, bürünç oklary bardy; dört burçunda hem legeni saklamak üçin çykytlar bardy; çykytlaryň her gapdalyna egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy. 31Her arabanyň ýokarsynda çarçuwajyga salnan tegelek agyz ýasaldy. Onuň beýikligi bir tirsekdi; onuň agzy tegelek bolup, ini bir ýarym tirsekdi; onuň agzynda haşamlar bardy, gapdallary tegelek däl-de dörtburçlydy. 32Dört tigir gapdal tagtalaryň aşagyndady, tigirleriň oklary araba bilen bile guýlup ýasalandy. Tigriň beýikligi bir ýarym tirsekdi. 33Tigirleriň ýasalyşy at arabalaryň tigirleriniň ýasalyşy ýalydy; olaryň oklarynyň, gurşawlarynyň, keýeleriniň, toplarynyň bary bile guýlup ýasalandy. 34Her arabanyň dört burçunda dört çykyt bardy. Çykytlar araba bilen bile guýlup ýasalandy. 35Arabanyň üstünde ýarym tirsek beýiklikdäki tagta sekisi bardy; arabanyň üstündäki tutawaçlar hem-de gapdal tagtalary araba bilen bile guýlup ýasalandy. 36Onuň çykytlarynyň hem-de gapdal ýüzüniň açyk ýerlerine haşamlanan keruplaryň, arslanlaryň hem-de palma agajynyň nagşy salnandy. Olaryň daşyna egrem-bugram şekiller haşamlanyp salnandy. 37Ine, Hiram on arabany şeýle ýasady. Olaryň barynyň guýluşy hem, ölçegi hem, şekili hem birdi.

38Şeýle hem Hiram on sany bürünç legen ýasady. Her legen on bäş hum
On bäş hum – ýewreýçe kyrk bat. Bu takm. 880 litre deňdir.
tutýardy; her legen dört tirsekdi; on arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy.
39Ol arabalaryň bäşisini Rebbiň öýüniň günortasynda, beýleki bäşisini-de öýüň demirgazygynda goýdy. Ol howzy öýüň günorta-gündogar burçunda goýdy.

40 41 42 43 44Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, on arabany, arabalaryň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.

45Gazanlar, kül atarlar, legenler we Hiramyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren gaplarynyň bary ýalpyldawuk bürünçdendi. 46Patyşa bu gaplary Iordanyň düzlüginde, Sukot bilen Saretanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde bürünçden guýdurdy. 47Süleýman bu bürünç gap-gaçlarynyň agramyny çekdirmedi, çünki olar juda köpdi; olaryň agramyny hiç kim anyklamady.

48Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan altyn hantagtasyny, 49 50içki otagyň öňünde bäşisi günortada, bäşisi demirgazykda goýlan sap altyn çyradanlary, gülleri, çyralary, ätişgirleri, käseleri, müçenekleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary, maňňallary, öýüň içki otagynyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary üçin altyn petleleri ýasady.

51Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin edilmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary: kümşi, altyny, we ähli enjamlary getirip, Rebbiň öýündäki hazynada goýdy.
Copyright information for TukLat16