‏ 1 Kings 8:1-9

Süleýman Äht sandygyny ybadathana getirdýär

(2 Ýyl ýazgylary 5:2–6:2)

1Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime, öz huzuryna ýygnady. 2Bütin ysraýyl halky ýedinji aý bolan Etanym aýynda, Çatma baýramynda Süleýman patyşanyň ýanyna ýygnanyşdy. 3Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we ruhanylar sandygy göterdiler. 4Şeýdip, olar Rebbiň Äht sandygyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry hem-de çadyryň içindäki ähli mukaddes enjamlary getirdiler. Bularyň baryny ruhanylar bilen lewiler Rebbiň öýüne getirdiler. 5Süleýman patyşa we onuň huzuryna ýygnanan bütin ysraýyl halky Äht sandygynyň öňündedi. Olar san-sajaksyz goýunlary, öküzleri gurbanlyk berdiler. 6Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular. 7Keruplar ganatlaryny sandygyň üstüne gerip, sandygyň-da, onuň syryklarynyň-da üstüni örtýärdi. 8Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir. 9Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep
Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady.
dagynda sandyga salypdy.
Copyright information for TukLat16