1 Kings 8:12-21
12Şonda Süleýman şeýle diýdi: «Reb tüm garaňkylykda mesgen tutjakdygyny aýtdy. 13Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum».Süleýman halka ýüzlenýär
(2 Ýyl ýazgylary 6:3-11)
14Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy. 15– 16Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men ysraýyl halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! 17Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmagy ýüregine düwüpdi. 18– 19Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“diýdi. 20Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum. 21Sandygy men şol öýde goýdum. Atalarymyzy Müsür topragyndan çykaranda, Rebbiň olar bilen eden ähti şonuň içindedir».
Copyright information for
TukLat16