2 Chronicles 1:3-12
3Onsoň Süleýman ýanyndaky bütin jemagat bilen Gibgondaky seždegähe gitdiler. Rebbiň guly Musanyň çölde guran Hudaýa ýüz tutulýan çadyry şol ýerdedi. 4Dawut Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan Iýerusalime onuň üçin taýýarlan çadyryna getiripdi. 5Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleliň bürünçden ýasan gurbanlyk sypasy bolsa Gibgonda Rebbiň mukaddes çadyrynyň öňündedi. Şoňa görä Süleýman bilen jemagat ol ýere Rebden maslahat soramaga gitdiler. 6Süleýman ol ýerde Rebbiň huzurynda mukaddes çadyrdaky bürünçden bolan gurbanlyk sypasyna gelip, onda müň sany ýakma gurbanlygyny hödürledi. 7Şol gije Hudaý Süleýmana görnüp, oňa: «Dile, dilän zadyňy bereýin» diýdi. 8Süleýman Hudaýa şeýle jogap berdi: «Sen meniň kakam Dawuda beýik, sadyk söýgiňi görkezip, meni onuň ýerine patyşa etdiň. 9Ýa Hudaýymyz Reb, goý, indi kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn, çünki Sen meni ýeriň tozy ýaly san-sajaksyz bolan bir halkyň üstünden patyşa etdiň. 10Indi şu halky dolandyrmagym üçin maňa danalyk hem bilim ber. Kim Seniň bu beýik halkyňy dolandyryp biler?» 11– 12Hudaý Süleýmana şeýle diýdi: «Kalbyňda şu islegiň bardygy üçin, özüňe mal-mülk, baýlyk, at-abraý ýa öz duşmanlaryňyň ölümini ýa-da özüň üçin uzak ömür dilemän, eýsem üstünden patyşalyga bellän halkymy dolandyrmaga özüňe pähim-paýhas we düşünje diländigiň üçin, Men saňa paýhas we düşünje berýärin. Şeýle hem Men saňa senden öň hiç kimde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolmajak baýlyk, mal-mülk we at-abraý bererin».
Copyright information for
TukLat16