2 Chronicles 15:16-19
16Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden boşatdy, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, parçalap, Kidron deresinde ýakdy. 17Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe wepaly boldy. 18Ol kakasynyň we özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny altyny, kümşi we enjamlary Hudaýyň öýüne getirdi. 19Asanyň patyşalygynyň otuz bäşinji ýylyna çenli uruş bolmady. 2 Chronicles 16:1-6
Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahuda hüjüm edýär
(1 Patyşalar 15:17-22)
1Asanyň patyşalygynyň otuz altynjy ýylynda Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi. 2Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalaryndan kümüşdir altyn alyp, olary Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi. 3Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen gidip, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn». 4Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelmaýymy, Naftalynyň ähli ammar galalaryny basyp aldy. 5Bagşa muny eşidende, Rama galasyny berkitmekden el çekip, işini togtatdy. 6Soňra Asa patyşa ýahuda halkynyň baryny toplady. Olar Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitdiler. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Geba we Mispa galalaryny berkitdi.
Copyright information for
TukLat16