2 Chronicles 22:10-12
Ýowaş Atalýadan halas edilýär
(2 Patyşalar 11:1-3)
10 Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa öz oglunyň öldürilendigi barada eşiden dessine, Ýahudadaky ähli patyşa nesillerini ýok etdi. 11Emma patyşanyň gyzy Ýehoşabgat patyşanyň öldürilmeli şazadalarynyň içinden Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen bile ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoram patyşanyň gyzy, ruhany Ýehoýadanyň aýaly, Ahazýa patyşanyň uýasy Ýehoşabgat Ýowaşy Atalýadan gizledi we Ýowaş diri galdy. 12Ýowaş alty ýyllap Ýehoşabgat bilen Hudaýyň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurtda şalyk sürdi. 2 Chronicles 23:1-15
Atalýa garşy pitne
(2 Patyşalar 11:4-16)
1Ýedinji ýylda Ýehoýada gaýrata galyp, ýüzbaşylar Ýerohamyň ogly Azarýa, Ýehohananyň ogly Ysmaýyl, Obediniň ogly Azarýa, Adaýanyň ogly Magaseýa we Zikriniň ogly Elişapat bilen äht edişdi. 2Ýüzbaşylar Ýahuda aýlanyp, Ýahudanyň ähli şäherlerinden lewileri we Ysraýylyň tirebaşylaryny toplap, Iýerusalime geldiler. 3Onsoň bütin jemagat Hudaýyň öýünde patyşanyň ogly bilen äht edişdi. Ýehoýada olara şeýle diýdi: «Ine, bu patyşanyň ogludyr. Rebbiň Dawudyň ogullary barada beren wadasyna görä patyşalyk eder. 4Siziň etmeli işiňiz şudur: Sabat güni hyzmata gelýän ruhanylaryň we lewileriň üçden biri derwezeban bolsun. 5Üçden biriňiz patyşanyň köşgünde, üçden biriňiz Bina derwezesinde, tutuş halk hem Rebbiň öýüniň howlusynda bolsun. 6Rebbiň öýüne ruhanylardan we hyzmat edýän lewilerden başga hiç kim girmesin. Ruhanylar bilen lewiler girip bilerler, çünki olar mukaddesdirler. Ýöne bütin halk Rebbiň görkezmelerini berjaý etsin. 7Lewileriň ählisiniň eli ýaragly bolup, olar patyşanyň daşyny gurşasyn. Öýe ýakynlaşan adam öldürilsin. Patyşa girende-çykanda onuň ýanynda boluň».Ýowaş patyşalyga bellenýär
(2 Patyşalar 11:17-20)
8 Lewiler we bütin ýahuda halky Ýehoýada ruhanynyň tabşyran zatlaryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdiler. Olaryň hersi öz adamlaryny Sabat güni nobatçylyk edenleri-de, etmedikleri-de alyp geldiler, Ýehoýada ruhany toparlaryň hiç birini goýbermedi. 9Ýehoýada ruhany Dawut patyşanyň Hudaýyň öýündäki naýzalaryny, uly we kiçi galkanlaryny serkerdelere berdi. 10Ýehoýada bütin halky patyşany goramak üçin öýüň daş-töwereginde, gurbanlyk sypasynyň we öýüň töwereginde garawul hökmünde goýdy, olaryň hersiniň elleri ýaraglydy. 11Onsoň Ýehoýada patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtini berdi. Ýehoýada bilen onuň ogullary Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Ony patyşa diýip yglan edip: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar. 12Atalýa halkyň ylgaşyp, patyşany alkyşlaýanyny eşidende, halkyň ýanyna, Rebbiň öýüne geldi. 13Görse, ine, patyşa girelgede öz sütüniniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy, nagmaçylar hem öz saz gurallary bilen alkyş aýdýardylar. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy. 14Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi. 15Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler.
Copyright information for
TukLat16