2 Chronicles 3:1-14
Süleýman ybadathana gurýar
(1 Patyşalar 6:1-38)
1 Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady. 2Süleýman patyşalygynyň dördünji ýylynyň ikinji aýynyň ikisi güni öýüň gurluşygyna başlady. 3Süleýman patyşanyň Hudaý üçin guran öýüniň uzynlygy öňki ölçeg boýunça altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsekdi. 4Öýüň öňündäki eýwanyň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsekdi; onuň beýikligi bir ýüz ýigrimi tirsekdi. Süleýman onuň iç tarapyny sap altyna gaplady. 5Ol uly otagy serwi agajy bilen örtüp, ony sap altyna gaplady we onuň üstüne palma agajynyň hem-de zynjyryň nagşyny saldy. 6Süleýman öýi owadan, gymmatbaha daşlar bilen bezedi. Altyn Parwaýymdan getirilipdi. 7Şeýdip, ol öýe, onuň pürslerine, gapy bosagalaryna, diwarlaryna altyn çaýdy. Ol diwarlara oýup, keruplaryň ▼▼Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret.
şekilini çekdi. 8Süleýman iň mukaddes otagy-da gurdy; onuň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsek, ini hem ýigrimi tirsekdi; ol mukaddes otagy bir müň ýigrimi batman ▼▼Bir müň ýigrimi batman – ýewreýçe alty ýüz kikkar. Bu takm. 21 tonna deňdir.
sap altyna gaplady. 9Altyn çüýleriň agramy bir ýarym gadak ▼▼Bir ýarym gadak – ýewreýçe elli şekel. Bu takm. 600 gr deňdir.
töweregidi. Süleýman ýokarky otaglary-da altyna gaplady. 10Süleýman iň mukaddes otagda iki kerubyň heýkelini ýasap, olary altyna gaplady. 11Keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy ýigrimi tirsekdi. Bir kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol beýleki kerubyň ganatyna degýärdi. 12Ikinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň beýleki diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol birinji kerubyň ganatyna degýärdi. 13Bu keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy jemi ýigrimi tirsekdi. Keruplar uly otaga tarap seredip, aýaklarynyň üstünde durdular. 14Süleýman tutyny gök, goýy gyrmyzy, al ýüpeklerden we nepis zygyr matadan etdi, ýüzüne keruplaryň nagşyny saldy.
Copyright information for
TukLat16