2 Chronicles 3:15-17
Iki sütün
(1 Patyşalar 7:15-22)
15Ol öýüň öňünde beýikligi otuz bäş tirsek bolan iki sany sütün ýasady. Her sütüniň ýokarsynda bäş tirsek bolan täç bardy. 16Tor şekilli örme zynjyrlar ýasalyp, her sütüniň depesi olar bilen bezelendi. Süleýman ýüz sany nar ýasap, olary zynjyrlaryň üstünde goýdy. 17Ol sütünleri öýüň öňünde dikdi. Ol günortada sütün dikip, ony Ýakin diýip atlandyrdy. Beýlekisini demirgazykda dikip, ony Bowaz diýip atlandyrdy. 2 Chronicles 4
Öýüň goşlary
(1 Patyşalar 7:23-51)
1 Süleýman uzynlygyny we inini ýigrimi tirsek, beýikligini on tirsek edip, bürünçden gurbanlyk sypasyny ýasatdy. 2Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligini bäş tirsek edip, guýma bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi. 3Howzuň erňeginiň aşagynda daşyna aýlanan, hersi on tirsek bolan iki hatar ökuz şekilli guýma nagyşlar bardy. Olar howuz bilen bile guýlup ýasalandy. 4Howuz on iki öküziň üstünde durdy; öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, galan üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Howuz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy iç tarapa bakyp durdy. 5Howzuň galyňlygy dört barmak bolup, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol bir müň elli hum ▼▼Bir müň elli hum – ýewreýçe üç müň bat. Bu takm. 66000 litre deňdir.
tutýardy. 6Şeýle hem ol zatlary ýuwar ýaly on sany bürünç legen ýasady. Olaryň bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini demirgazyk tarapda goýdy. Bu legenlerde ýakma gurbanlyk üçin ulanylan zatlar ýuwuldy. Howuz ruhanylaryň ýuwunmagy üçindi. 7Ol berlen nusga görä, sap altyndan on sany çyradany ýasap, olaryň bäşisini ybadathananyň günorta tarapynda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapynda goýdy. 8Ol on sany hantagta ýasap, olary ybadathanada – bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapda goýdy. Ol ýüz sany altyn legen ýasady. 9Ol ruhanylaryň howlusyny, uly howlyny we howlynyň gapylaryny ýasap, olary bürünje gaplady. 10Howzy öýüň sag tarapynda – günorta-gündogar burçunda ýerleşdirdi. 11– 12– 13– 14– 15Huramaby şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Huramaby Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady. 16Gazanlar, kül atarlar, çarşaklar we Huramabynyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren enjamlary ýalpyldawuk bürünçdendi. 17Patyşa bulary Iordan düzlüginde, Sukot bilen Saretanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde guýdurdy. 18Süleýman ummasyz köp gap-gaçlary ýasatdy, şoňa görä sarp edilen bürünjiň agramy anyklanmady. 19– 20– 21– 22Şeýdip, Süleýman Hudaýyň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan hantagtasyny, düzgün boýunça iň mukaddes otagyň öňünde ýakmak üçin sap altyn çyradanlary çyralary bilen, sap altyn gülleri, çyralary, ätişgirleri, sap altyn müçenekleri, pelte gaýçysyny, legenleri, jamlary, maňňallary ýasatdy. Öýüň girelgesi – iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary altyndy. 2 Chronicles 5:1
Süleýman Äht sandygyny ybadathana getirdýär
(1 Patyşalar 8:1-9)
1Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin etmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary: kümşi, altyny we ähli enjamlary getirip, Hudaýyň öýündäki hazynada goýdy.
Copyright information for
TukLat16