2 Chronicles 5:2-14
2Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime ýygnady. 3Bütin ysraýyl halky ýedinji aýda bolýan Çatma baýramynda patyşanyň ýanyna ýygnanyşdy. 4Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we lewiler sandygy göterdiler. 5Şeýdip, olar sandygy, Rebbe ýüz tutulýan çadyry hem-de çadyryň içindäki ähli mukaddes enjamlary getirdiler. Bularyň baryny ruhanylar bilen lewiler getirdiler. 6Süleýman patyşa we onuň huzuryna ýygnanan bütin ysraýyl halky Äht sandygynyň öňündedi. Olar san-sajaksyz goýunlary, öküzleri gurbanlyk berdiler. 7Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular. 8Keruplar ganatlaryny sandygyň üstüne gerip, sandygyň-da, onuň syryklarynyň-da üstüni örtýärdi. 9Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir. 10Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy. Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep ▼▼Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady.
dagynda sandyga salypdy. 11Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykdylar. Ol ýerdäki ruhanylaryň ählisi toparlaryna garamazdan, inlerini tämizläpdiler. 12Ähli lewi nagmaçylary: Asaf, Heýman, Ýedutun, olaryň ogullary we garyndaşlary nepis zygyr mata lybaslaryna beslenip, kimwallary, liralary we arfalary bilen gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapynda ýüz ýigrimi sany surnaýçy ruhany bilen durdular. 13Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy. 14Ruhanylar bulut sebäpli Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy. 2 Chronicles 6:1-2
Süleýman halka ýüzlenýär
(1 Patyşalar 8:12-21)
1Şonda Süleýman şeýle diýdi: «Reb tüm garaňkylykda mesgen tutjakdygyny aýtdy. 2Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum».
Copyright information for
TukLat16