‏ 2 Chronicles 6:3-11

3Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy. 4 5Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men Öz halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk eder ýaly hiç kimi saýlamadym. 6Ýöne indi adym şol ýerde bolsun diýip, Iýerusalimi saýladym we ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! 7Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmagy ýüregine düwüpdi. 8 9Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa, öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“diýdi. 10Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum. 11Sandygy men şol öýde goýdum. Rebbiň ysraýyl halky bilen eden ähti şonuň içindedir».
Copyright information for TukLat16