2 Chronicles 9:1-12
Şeba melikesi Iýerusalime gelýär
(1 Patyşalar 10:1-13)
1Şeba melikesi Süleýmanyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdarda altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary hakynda onuň bilen söhbetleşdi. 2Süleýman onuň ähli sowallaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. 3– 4Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, onuň sakylaryny, olaryň egin-eşiklerini, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. 5– 6Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa danalygyňyň hatda ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidenimden has artyk eken. 7Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly! 8Senden hoşal bolup, Hudaýyň Rebbiň patyşasy bolmagyň üçin seni Öz tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Hudaý Ysraýyly söýensoň, ony ebedilik berkarar etmek üçin, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi». 9Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman ▼▼Iki ýüz batman – ýewreýçe ýüz ýigrimi kikkar. Bu takm. 4 tonna deňdir.
altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdarda hoşboý ysly zatlar heniz berilmändi. 10Huramyň we Süleýmanyň Opyrdan altyn getiren hyzmatkärleri mundan başga-da sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdiler. 11Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne basgançaklar, aýdymçylar üçin liradyr arfalar ýasady; beýle saz gurallary Ýahudada henize çenli görlüp-eşidilmändi. 12 Süleýman patyşa Şeba melikesiniň göwnüniň islän zadyny berdi. Süleýman oňa özüne getiren zatlaryndan has köp zatlary berdi. Şeýdip, Şeba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy.
Copyright information for
TukLat16