2 Chronicles 9:13-28
Süleýmanyň baýlygy
(1 Patyşalar 10:14-28)
13– 14Süleýmana bir ýylda gelýän altynyň agramy bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy ▼▼Bir müň bir ýüz otuz batman – ýewreýçe alty ýüz altmyş alty kikkar. Bu takm. 23 tonna deňdir.
. Bu alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan gelýän altyndan daşarydy. Ähli arap şalary, ýurduň häkimleri hem Süleýmana altyn-kümüş berýärdiler. 15Süleýman patyşa döwme altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak ▼▼On ýedi gadak – ýewreýçe alty ýüz şekel. Bu takm. 7 kg deňdir.
altyn sarp edildi. 16Ol döwme altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana sekiz ýarym gadak ▼▼Sekiz ýarym gadak – ýewreýçe üç ýüz şekel. Bu takm. 3,3 kg deňdir.
altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy. 17Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady. 18Tagtyň alty basgançagy we altyndan aýak kürsüsi oňa berkidilendi. Tagtyň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy. 19Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy. 20Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi. 21Çünki Süleýmanyň Huramyň adamlary bilen birlikde Tarşyşa gatnaýan gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil süňküni, maýmynlary we tawuslary getirerdiler. 22Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. 23Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin ähli milletleriň patyşalary onuň didaryna zardy. 24Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, hoşboý ysly zatlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi. 25 Süleýmanyň atlar bilen söweş arabalary üçin dört müň athanasy bardy, on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda – Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. 26Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsür serhedine çenli aralykda bolan ähli patyşalaryň üstünden höküm sürdi. 27Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. 28Süleýmanyň atlary Müsürden, beýleki ähli ýurtlardan getirildi.
Copyright information for
TukLat16