2 Kings 14:8-20
8Onsoň Amazýa Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýehowaşa çaparlar ýollap: «Gel, ýüzbe-ýüz görüşeli» diýdi. 9Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ýahuda patyşasy Amazýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Liwandaky ýandak Liwandaky kedr agajyna sawçy ýollap: „Gyzyňy ogluma aýallyga ber“diýip sorapdyr. Emma Liwandaky bir wagşy haýwan geçip barýarka ýandagy depeläpdir. 10Elbetde, sen edomlylary gyrdyň we muňa seniň göwnüň galkdy. Şu ýeňşiňe guwan-da, öýüňde otur. Sen näme üçin uruşmaga bahana agtarýarsyň? Sen özüňiň we Ýahudanyň halkynyň başyna bela getirersiň». 11Emma Amazýa muňa gulak asmady. Şeýdip, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş öz goşuny bilen Ýahuda patyşasy Amazýanyň üstüne gitdi. Ýehowaş Ýahudanyň Beýtşemeş diýen ýerinde Amazýa garşy uruşda onuň bilen ýüzbe-ýüz boldy. 12Ýahudalar ysraýyl halkyndan ýeňlip, öz çadyrlaryna tarap gaçyp gitdiler. 13Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutdy. Onsoň Ýehowaş Iýerusalime gelip, Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli bolan dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy. 14Ýehowaş Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altyn-kümşüň, gap-gaçlaryň baryny, bulardan daşary-da ýesir alnan adamlary alyp, Samariýa dolanyp geldi. 15Ýehowaşyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi we Ýahuda patyşasy Amazýa bilen eden urşy barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 16Ýehowaş ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýarobgam patyşa boldy. 17Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýa Ýehogahazyň ogly bolan Ysraýyl patyşasy Ýehowaş ölenden soňra on bäş ýyl ýaşady. 18Amazýanyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 19Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amazýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler. 20Onsoň Amazýanyň jesedini atlara ýükläp getirdiler-de, ony Iýerusalimde Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar.
Copyright information for
TukLat16