‏ 2 Kings 20:1-8

Hizkiýa syrkawlaýar

(2 Ýyl ýazgylary 32:24-26; Işaýa 38:1-8,21-22)

1Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi. 2Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg etdi: 3«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady. 4Işaýa pygamber entek ortaky howludan çykmanka, oňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 5«Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň. 6Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn. Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi Özümiň we gulum Dawudyň hatyrasy üçin goraryn“». 7Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýanyň hyzmatkärlerine: «Ýenjilen injir getiriň-de, ony patyşanyň çybanynyň üstüne ýapyň. Şondan soň ol sagalar» diýdi.

8Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Rebbiň meni sagaltjakdygyna we üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorady.
Copyright information for TukLat16