‏ 2 Kings 20:12-19

Babyldan gelen çaparlar

(Işaýa 39:1-8)

12Şol wagt Baladanyň ogly Babyl patyşasy Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň syrkawlandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady. 13Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini diňläp, olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlaryň baryny görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi. 14Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurtdan Babyldan geldiler» diýip jogap berdi. 15Işaýa pygamber: «Olar seniň köşgüňde näme zatlary gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümde bolan zatlaryň baryny gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik hiç bir zat galmady» diýip jogap berdi.

16 17Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Rebbiň sözüni eşit: „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we atalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz. 18Seniň öz bagryňdan önen nesilleriň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“». 19Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Çünki Hizkiýa: «Eger meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolsa, oňa ýetesi näme bar?!» diýip pikir etdi.
Copyright information for TukLat16