2 Kings 23:30-35
30Ýoşyýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini Megidodan arabaly Iýerusalime getirip, öz guburynda jaýladylar. Ýurduň bütin ilaty Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy getirip, başyna ýag guýup, kakasynyň ýerine patyşa goýdular.Ýahuda patyşasy Ýehogahaz
31Ýehogahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 32Ýehogahaz ata-babalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 33Faraon Neko Iýerusalimde patyşalyk etmesin diýip, Hamat ýurdunyň Ribla diýen ýerinde, Ýehogahazy ýesir aldy. Ol ýurduň başyna bir ýüz ýetmiş batman ▼▼Bir ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3,4 tonna deňdir.
kümüş, bir ýarym batmana ▼▼Bir ýarym batmana golaý – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir.
golaý hem altyn salgyt saldy. 34Faraon Neko Ýoşyýanyň ogly Elýakymy kakasy Ýoşyýanyň ýerine patyşa etdi we onuň adyny üýtgedip, Ýehoýakym goýdy. Soňra ol Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Ýehogahaz şol ýerde öldi. 35Ýehoýakym faraona kümüş bilen altyn berdi. Ol faraon Nekonyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin ýurda salgyt salyp, ýahuda halkynyň her birinden baýlygyna garap, altyn we kümüş aldy.
Copyright information for
TukLat16