‏ 2 Kings 23:36-37

Ýahuda patyşasy Ýehoýakym

36Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Zebida rumaly Pedaýanyň gyzydy. 37Ýehoýakym edil ata-babalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.

‏ 2 Kings 24:1-7

1Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy. 2Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllylaryň, siriýalylaryň, mowaplylaryň we ammonlylaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi. 3 4Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi. Manaşanyň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşanyň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi. 5Ýehoýakymyň patyşalygy baradaky beýleki wakalar we onuň ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 6Şeýdip, Ýehoýakym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ýehoýakyn onuň ýerine patyşa boldy. 7Müsür patyşasy öz ýurdundan çykmady, çünki Babyl patyşasy Müsür serhedinden Ýewfrat derýasyna çenli oňa degişli bolan ýerleriň baryny basyp alypdy.
Copyright information for TukLat16