‏ 2 Kings 25:1-17

Iýerusalimiň synmagy

(2 Ýyl ýazgylary 36:17-21; Ýermeýa 52:3-30)

1Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar bütin goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, onuň daş-töwereginde ýapgyt gurdular. 2Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy. 3Dördünji aýyň
Dördünji aýyň – bu sözler käbir golýazmalarda ýok, ýöne Ýrm 52:6-da bar.
dokuzynjy gününde şäherde açlyk artyp, ýurduň ilaty iýmäge çöregem tapmady.
4Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler. 5Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň bar goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler. 6Onsoň babyllylar patyşany tutup, Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. 7Olar Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdiler. Onsoň olar şol ýerde Sidkiýanyň gözlerini oýdular-da, zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdiler.

Ybadathana weýran edilýär

8Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onunjy güni şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi. 9Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy. 10Babyllylaryň janpenalaryň baştutany bilen gelen bütin goşuny Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryny ýykdy. 11Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we beýleki galan ilaty ýesir edip äkitdi. 12Emma janpenalaryň baştutany ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.

13Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler. 14Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, kül atarlary, ätişgirleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki ähli bürünç gap-gaçlary Babyla alyp gitdiler. 15Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da maňňallary we legenleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi. 16Süleýmanyň Rebbiň öýi üçin eden iki sütüniniň, bir howzunyň, arabalarynyň we ähli gap-gaçlaryň bürünjiniň agramy çäksizdi. 17Bir sütüniň beýikliginiň özi on sekiz tirsekdi. Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi üç tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy.
Copyright information for TukLat16