2 Kings 5:1-14
Nagaman ýokançly deri keselinden saplanýar
1Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi. 2Siriýalylar Ysraýyla çozuşlarynyň birinde bir ysraýylly gyzjagazy ýesir alypdylar. Bu gyzjagaz Nagamanyň aýalynyň hyzmatyna berlendi. 3Bir gün şol gyzjagaz bikesine: «Wah, meniň jenabym Samariýa şäherindäki pygamberiň ýanyna gitsedi! Ol Nagamanyň deri keselini bejererdi» diýdi. 4Onsoň Nagaman patyşanyň ýanyna gidip, oňa ysraýylly gyzjagazyň aýdan zatlaryny gürrüň berdi. 5Siriýa patyşasy oňa: «Bar, git, men Ysraýyl patyşasyna seniň bilen hat hem ýollaýyn» diýdi. Nagaman on ýedi batman ▼▼On ýedi batman – ýewreýçe on kikkar. Bu takm. 340 kg deňdir.
kümüş, alty müň altyn teňňe hem-de on laý egin-eşik alyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna gitdi. 6Nagaman haty Ysraýyl patyşasyna getirip berdi. Hatda şeýle diýlip ýazylandy: «Şu haty okap, meniň hyzmatkärim Nagamany seniň ýanyňa iberendigimi bilersiň. Sen ony deri keselinden bejer». 7Ysraýyl patyşasy bu haty okap: «Jan alyp, jan berer ýaly men Hudaýmy? Näme üçin bu adam ýanyma adam ýollap, ony deri keselinden gutult diýýär? Ol meniň bilen dawalaşmaga bahana gözleýär» diýip, ýakasyny ýyrtyp gygyrdy. 8Hudaýyň adamy Elýaşa Ysraýyl patyşasynyň ýakasyny ýyrtanyny eşidip, onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Sen näme ýakaňy ýyrtan bolýaň? Nagaman meniň ýanyma gelip, Ysraýylda bir pygamberiň bardygyny bilsin» diýdi. 9Şeýdip, Nagaman atlary we söweş arabalary bilen gelip, Elýaşanyň öýüniň işiginde durdy. 10Elýaşa onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Git-de, Iordan derýasynyň suwuna ýedi gezek ýuwun, şonda sen keseliňden saplanyp tämizlenersiň» diýdi. 11Emma Nagamanyň muňa gahary gelip, şeýle diýdi: «Ol meniň üçin hökman daşary çykyp, ýanymda durup, öz Hudaýy Rebbe dileg edip, elini ýokançly deri keselli ýeriň üstüne goýup, ony bejerer öýtdüm. 12Damaskyň Abana we Parpar derýalary Ysraýyl suwlarynyň baryndan oňat dälmi näme? Men şol derýalarda ýuwnup, tämizlenip bilmeýärinmi näme?» Nagaman yzyna öwrüldi-de, gaharly gitdi. 13Emma Nagamanyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: «Eý, atamyz, eger pygamber saňa bir kyn iş buýran bolsa, sen ony etmezmidiň? Onuň saňa bar aýdan zady: „Ýuwun-da, tämiz bol“. Bu dagy nämejik?!» diýdiler. 14Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy.
Copyright information for
TukLat16