2 Kings 8:25-29
Ýahuda patyşasy Ahazýa
(2 Ýyl ýazgylary 22:1-6)
25Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň on ikinji ýylynda Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa patyşa boldy. 26Ahazýa patyşa bolanda ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy. 27Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ol hem Ahabyň maşgalasy ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi, çünki Ahazýa olaryň giýewsidi. 28Ahazýa Ahabyň ogly Ýoram bilen Siriýanyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Siriýalylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar. 29Ysraýyl patyşasy Ýehoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.
Copyright information for
TukLat16