2 Kings 9:21-28
21Ýoram: «Söweş arabasyny taýýarlaň» diýdi. Olar onuň söweş arabasyny taýýarladylar. Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa hersi öz söweş arabasynda ýola düşdüler. Olar Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabodyň melleginde Ýehuwa sataşdylar. 22Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi. 23Onsoň Ýoram Ahazýa: «Bu haýynlykdyr, Ahazýa!» diýip gygyryp, at arabasyny yzyna öwürdi-de gaçdy. 24Ýehu bar güýji bilen ýaýyny çekip, Ýoramyň iki egniniň ortasyndan urdy. Ok onuň ýüreginden geçip, ol öz söweş arabasyna ýykyldy. 25Ýehu öz serkerdesi Bidkara şeýle diýdi: «Ony galdyr-da, ýizregelli Nabodyň mellegine taşla. Biz ata atlanyp, seniň bilen bile Ýoramyň kakasy Ahabyň yzyndan gelýärkäk, Rebbiň oňa garşy aýdan sözüni ýadyňa sal: 26„Düýn Men Nabodyň we onuň ogullarynyň ganyny Öz gözüm bilen gördüm. Men – Reb almytyňy edil şu mellekde berjekdigimi aýdýandyryn“. Şonuň üçin hem ony häzir Rebbiň aýdyşy ýaly mellege taşla».Ýehu Ýahuda patyşasy Ahazýany we şa aýaly Izebeli öldürýär
27 Ýahuda patyşasy Ahazýa muny görüp, Beýthagana tarap gaçdy. Ýehu onuň yzyndan kowup: «Ahazýany-da atyň» diýdi. Olar Iblegam galasynyň golaýyndaky Gur ýapgydynda Ahazýany arabasynyň üstünde atyp ýaraladylar. Onsoň Ahazýa Megido gaçyp baryp, şol ýerde öldi. 28Ahazýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini arabada Iýerusalime getirip, ony şol ýerde Dawut galasynda öz guburynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar.
Copyright information for
TukLat16