2 Samuel 5:1-10
Dawut tutuş Ysraýyla patyşa bolýar
(1 Ýyl ýazgylary 11:1-9)
1 Ysraýylyň ähli tireleri Hebrona Dawudyň ýanyna baryp, oňa: «Biz seniň öz süýegiňden we teniňdendiris. 2Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“diýipdi» diýdiler. 3Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna ýygnandylar. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut patyşa olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Dawudyň başyna ýag guýup, Ysraýyla patyşa bellediler. 4Dawut patyşa bellenende, otuz ýaşyndady; ol kyrk ýyl patyşalyk etdi. 5Dawut Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýyl, alty aý, Iýerusalimde oturyp, tutuş Ysraýyl bilen Ýahuda otuz üç ýyl patyşalyk etdi. 6 Dawut patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslaryň üstüne ýöriş etdi. Ýabuslar Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň, hatda körlerdir agsaklaram seni yzyňa serpikdirip bilerler» diýýärdiler. Olar Dawut bu ýere girip bilmez diýip pikir edýärdiler. 7Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar. 8Dawut şol gün: «Kimde-kim ýabuslary öldürmekçi bolsa, käriziň içinden geçip, Dawudy ýigrenýän körlerdir agsaklaryň üstüne çozsun» diýdi. («Körlerdir agsaklar Hudaýyň öýüne girip bilmezler» diýen gep şondan galdy.) 9Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan ▼▼Millo – toprak bilen doldurylan jaýryk ýa-da boşluk ýer bolmagy ahmal. Sözlüge seret.
başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy. 10 Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi.
Copyright information for
TukLat16