‏ 2 Samuel 6:1-11

Dawut Äht sandygyny Iýerusalime getirdýär

(1 Ýyl ýazgylary 13:1-14; 15:1–16:3,43)

1 Dawut ýene-de Ysraýylyň men diýen adamlaryndan otuz müňüsini toplady. 2Ol Hudaýyň Äht sandygyny getirmek üçin, adamlary bilen bile Bagala Ýahuda galasyna gitdi. Sandyk keruplaryň
Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret.
arasynda tagt guran Hökmürowan Reb diýip atlandyrylýar.
3Olar Hudaýyň sandygyny täze araba ýükläp, baýyrlykda ýerleşýän Abynadabyň öýünden alyp çykdylar. Täze arabany Abynadabyň ogullary Uza bilen Ahýo sürüp barýardylar. 4Uza Hudaýyň sandygynyň gapdalyndan
Uza Hudaýyň sandygynyň gapdalyndan – bu jümle käbir golýazmalarda Hudaýyň sandygyny Abynadabyň baýyrlykdaky öýünden alyp çykdylar diýip duş gelýär.
, Ahýo bolsa sandygyň öňünden ýöräp barýardy.
5Dawut we tutuş ysraýyl halky Rebbiň huzurynda bar güýçleri bilen serwi agajyndan edilen dürli saz gurallaryny: lira, arfa, deprek, kimwaldyr kastanet çalyp tans edýärdiler.

6Nakonyň harman jaýyna ýetenlerinde, olaryň öküzleri büdredi, Uza elini uzadyp, Hudaýyň sandygyndan tutdy. 7Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Biperwaýlyk edendigi üçin, Hudaý ony şol ýerde öldürdi. Uza edil Hudaýyň sandygynyň ýanynda jan berdi. 8Dawut Rebbiň Uzany öldürendigi üçin gaharlandy. (Ol ýer şu güne çenli Peres Uza
Peres Uza – bu söz Uza garşy gazap diýmegi aňladýar.
diýlip atlandyrylýar.)
9Dawut şol gün Rebden gorkup: «Rebbiň sandygyny nädip meniň ýanyma getirip bolarka?» diýdi. 10Şunlukda, Dawut Rebbiň sandygyny Dawut galasyna äkitmek islemedi. Ol sandygy Gat galasyndan bolan Obededomyň öýünde goýup gitdi. 11Rebbiň sandygy üç aýlap Obededomyň öýünde durdy. Reb Obededomy we onuň tutuş hojalygyny ýalkady.
Copyright information for TukLat16