2 Samuel 7:17-29
17Şeýlelikde, Natan tutuş bu aýanlygy, ýagny Rebbiň sözlerini Dawuda gürrüň berdi.Dawudyň dogasy
(1 Ýyl ýazgylary 17:16-27)
18Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa Hökmürowan Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly meniň maşgalam kim? 19Ýa Hökmürowan Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Ýa Hökmürowan Reb, Sen ynsanlar bilen adatça şeýle iş salyşýaňmy?! 20Men Saňa başga näme diýip bilerin?! Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz guluňy tanaýarsyň ahyryn! 21Öz sözüňiň hatyrasyna, Öz göwün islegiňe görä bu beýik işi edip, guluňa bildirdiň. 22Eý, Hökmürowan Reb, Sen beýiksiň! Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik. 23Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri we olaryň hudaýlaryny olaryň öňünden kowup çykardyň. 24Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň. Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň. 25Indi bolsa, Sen, ýa Hudaýymyz Reb, Öz guluň hem onuň nesli hakda aýdan sözüňi ebedi sakla-da, diýşiň ýaly et! 26Goý, ynsanlar „Hökmürowan Reb Ysraýylyň Hudaýydyr“diýip, Seniň adyňy ebedilik belende götersinler. Guluň Dawudyň nesli Seniň öňüňde kuwwatlansyn. 27„Sebäbi, eý, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb, Seniň nesliňi baky berkarar ederin“diýip, guluňa Özüň aýan etdiň. Şoňa görä-de, guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi. 28Ýa Hökmürowan Reb, Sen Hudaýsyň, Seniň sözleriň hakdyr. Şu ýagşylyklary guluňa Sen wada etdiň. 29Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Hökmürowan Reb, muny Özüň söz berdiň. Seniň pataň bilen, goý, guluňyň nesli baky pataly bolsun!»
Copyright information for
TukLat16