Deuteronomy 1:19-33
Kadeşbarneýa içalylar iberilýär
(Çölde 13:1-33)
19«Soňra Hudaýymyz Rebbiň edil bize buýruşy ýaly, biz Horep dagyndan çykyp, amorlaryň ýaşaýan daglygynyň üsti bilen tä Kadeşbarneýa baryp ýetýänçäk, siziň gören ägirt uly we ýowuz çölüňiziň içi bilen gitdik. 20Ol ýerde men size şeýle diýdim: „Hudaýymyz Rebbiň bize berjek amorlaryň ýaşaýan daglygyna-da gelip ýetdik. 21Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy size berdi. Gidiň-de, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, ony mülk ediniň. Gorkmaň, dowla düşmäň“. 22Emma siziň hemmäňiz şonda meniň ýanyma gelip: „Geliň, ýurdy gözden geçirmek üçin öz aramyzdan adamlary ýollalyň. Olar biziň gitjek ýolumyz hakda, barjak galalarymyz barada habar getirerler“diýdiňiz. 23Bu pikir meniň göwnüme makul boldy. Men her tireden bir adam alyp, jemi on iki adam saýladym. 24Olar ýola düşüp, daglyga tarap gitdiler. Eşkol deresine ýetenlerinde, olar ony gowy gözden geçirdiler. 25Yzlaryna dolanyp gelenlerinde, olar bize şol ýurduň miwe önümlerinden ýygyp getirdiler. Olar: „Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurdy gowy ýurt eken“diýen habary getirdiler. 26Emma siz ol ýere gitmek islemediňiz. Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz. 27Siz çadyrlaryňyzda hüňürdeşip şeýle diýdiňiz: „Reb bizi ýigrenýär, Ol bizi amorlaryň eline berip ýok etmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir. 28Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: ‘Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Biz ol ýerde hatda anaklary-da gördük’ diýen habary biziň ýüregimizi howsala saldy“. 29Men size şeýle diýdim: „Olardan gorkmaň, dowla düşmäň. 30Müsürde we çölde edil gözüňiziň alnynda siziň üçin söweşişi ýaly, ýene-de öňüňizden ýöräp, siziň üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebdir. 31Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, Hudaýyňyz Rebbiň sizi nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz. 32– 33Emma siz şonda-da gijesine ot, gündizine bulut görnüşinde düşlejek ýeriňizi, ýörejek ýoluňyzy görkezip, öňüňizden gidýän Hudaýyňyz Rebbe ynam etmediňiz“».
Copyright information for
TukLat16