Deuteronomy 1:9-18
Musa halka baştutanlar belleýär
(Müsürden çykyş 18:13-27)
9«Şol wagt men size şeýle diýdim: „Sizi ýeke özüm başaryp biljek däl. 10Hudaýyňyz Reb sizi köpeltdi. Şonuň üçin-de bu gün siziň sanyňyz asmandaky ýyldyzlar deý kän. 11Size söz berşi ýaly, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb, goý, siziň sanyňyzy mundan-da müň esse artdyrsyn we sizi ýalkasyn! 12Ýöne meniň ýeke özüm ähli dawalaryňyzyň agyr ýüküni gerdenimden nädip aýrarkam? 13Her tiräňizden akylly-paýhasly, düşbi we tejribeli adamlary saýlaň“. 14Siz maňa: „Seniň netijä gelen pikiriň gowy pikir“diýip jogap berdiňiz. 15Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim. 16Şol wagt men size kazylary hem belledim we olara: „Halkyň arasyndaky dawalara üns berip gulak goýuň, isle ol ýerli bolsun, isle gelmişek bolsun, iki adamyň arasyndaky dawany adalatly çözüň. 17Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“diýdim. 18Şeýdip, şol wagt men size etmeli ähli işleriňizi tabşyrdym».
Copyright information for
TukLat16