Deuteronomy 14:3-21
Halal we haram haýwanlar hakynda
(Lewiler 11:1-21)
3Siz haram hasaplanýan haýwanlaryň hijisini iýmeli dälsiňiz. 4Siz, ine, şu haýwanlaryň etini iýip bilersiňiz: öküz, goýun, geçi, 5keýik, sugun, jeren, ýabany geçi, dag tekesi, saýgak we dag goçy. 6Toýnagy ýarykly we gäwüş gaýtarýan her bir haýwanyň etini iýip bilersiňiz. 7Emma düýäni, towşany, atýalmany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarsalar hem, toýnagy ýarykly däldirler, olar siziň üçin haramdyr. 8Şeýle hem doňuz, onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň. 9Suwda ýaşaýan ähli jandarlaryň: ýüzgüçlilerini we teňňelilerini iýip bilersiňiz. 10Ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlary iýmäň. Olar siziň üçin haramdyr. 11Halal hasaplanýan ähli guşlary iýip bilersiňiz. 12Emma, ine, şu guşlaryň: bürgüdiň, garaguşuň, derýa bürgüdiniň, 13– 14– 15çaýçaňňalagyň, laçynyň ähli görnüşleriniň, garganyň ähli görnüşleriniň, düýeguşuň, hüwiniň, çarlagyň, gyrgynyň ähli görnüşleriniň etini iýmeli dälsiňiz; 16– 17– 18baýguşuň, jüptüniň, uly baýguşuň, ak baýguşuň, gotanyň we dazzarkeliň, leglegiň, hokgaryň ähli görnüşleriniň, hüýpüýpigiň we ýarganatyň etini iýmeli dälsiňiz. 19Ähli ganatly mör-möjekler siziň üçin haramdyr. Olary iýmeli dälsiňiz. 20Halal hasaplanýan her bir ganatly jandary iýip bilersiňiz. 21Haram ölen haýwanlaryň hiç biriniň etini iýmäň. Olary galalaryňyzda ýaşaýan gelmişeklere iýmäge beriň, keseki ýurtlulara satyň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň.
Copyright information for
TukLat16