Deuteronomy 19:1-13
Gaçybatalga galalary hakda
(Çölde 35:6-34; Ýeşuwa 20:1-9)
1Hudaýyňyz Reb size berjek ýurdunyň halklaryny ýok edende, siz olary kowup çykaryp, olaryň galalarynda we öýlerinde ornaşanyňyzda, 2– 3Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berjek ýurduny üç bölege bölüp, her bölekden bir galany saýlaň. Adam öldüren ganhor olaryň birine gaçyp baryp gutulyp biler ýaly, bu galalara barmak üçin ýollar çekiň. 4Ganhor ol ýere, ine, şeýle ýagdaýda gaçyp baryp, diri galyp biler: tötänlikde başga birini öldüren bolsa we ol ikisiniň arasynda öň hiç hili duşmançylyk ýok bolsa, ol ýere gaçyp gutulyp biler. 5Aýdaly, bir adam beýleki bir adam bilen tokaýa odun çapmaga gidýär. Olaryň biri agaç çapyp durka, palta sapyndan sypyp, ýanyndaka degýär we ol hem şondan ölýär. Şeýle ýagdaýda ol ganhor bu galalaryň birine gaçyp gutulyp biler. 6Eger ýol gaty uzak bolsa, öldürileniň hossary öç almak üçin ganhoryň yzyndan gazap bilen kowalap ýetip öldürer. Emma olaryň arasynda öň duşmançylygyň ýokdugy üçin, ol öldürilmeli däldir. 7Şonuň üçin hem men size: „Özüňize üç galany saýlaň“diýip buýruk berdim. 8– 9– 10Hudaýyňyz Rebbi söýüp, hemişe Onuň ýolundan ýöräp, meniň bu günki size berýän buýruklarymyň ählisini yhlas bilen berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, ýeriňizi giňelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähli ýerini size berer. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde bigünä adamyň gany dökülmez ýaly, bigünä ganyň astynda galmazyňyz ýaly, bu üç galanyň üstüne ýene-de üç gala goşuň. 11Emma bir adamyň başga biri bilen duşmançylygy bolup, bukuda ýatyp, onuň üstüne çozup, ony öldürse, soňra-da ol bu galalaryň birine gaçyp barsa, 12ganhoryň galasyndaky ýaşulular adam iberip, günäkäri ol ýerden getirtmeli. Ony öldürmek üçin öldürileniň hossarynyň eline beriň. 13Oňa rehim etmäň, bigünä gany Ysraýyldan ýuwup aýryň, şonda siz gowy günler görersiňiz.
Copyright information for
TukLat16