‏ Deuteronomy 2:26-37

Ysraýyllar Sihon bilen Og hany derbi-dagyn edýärler

(Çölde 21:1-30)

26«Şeýdip, men Kedemot çölünden Heşbonyň hany Sihona, ine, şu parahatçylyk sözlerini aýdyp, ilçileri ýolladym: 27„Maňa öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et. Diňe ýoldan ýöräýin, saga hem, çepe hem sowulmaýyn. 28Iýmäge iýmitimizi, içmäge suwumyzy sizden satyn alaly. Pyýadalap diňe ýoluňdan geçsem bolýar. 29Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri ýaly we Arda ýaşaýan mowaplar ýaly, sen hem maňa Iordandan geçip, Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurduna ýetmek üçin öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et“. 30Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi. 31Reb maňa: „Ine, Men Sihony we onuň ýurduny saňa bermäge girişdim. Indi sen hem onuň ýerini eýelemäge başla“diýdi. 32Şeýlelikde, Sihon ähli urşujylary bilen Ýahasda biziň garşymyza söweşmäge çykdy. 33Hudaýymyz Reb ony biziň elimize berdi. Biz Sihonyň özüni, onuň tohum-tijini we ähli urşujylaryny gyrdyk. 34Şol bir wagtyň özünde onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ähli galalaryndaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. Ol ýerde ýekeje-de adam galdyrmadyk. 35Diňe mal-garalary, şeýle hem basyp alan galalarymyzyň baýlyklaryny olja edip aldyk. 36Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi. 37Muňa garamazdan, Hudaýymyz Rebbiň bize tabşyryşy ýaly, Ýabok derýasynyň boýunda we daglykdaky galalarda ýaşaýan ammonlaryň ýerine çozup girmedik».

‏ Deuteronomy 3:1-11

1«Soňra biz Başan ýurduna tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Başan hany Og söweşmek üçin, Edreýde ähli urşujylary bilen biziň garşymyza çykdy. 2Reb maňa: „Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et“diýdi. 3Şeýlelikde, Hudaýymyz Reb Başan hany Ogy hem-de onuň ähli urşujylaryny biziň elimize berdi. Biz olaryň ýekejesini hem diri galdyrman, hemmesini gyrdyk. 4Şol bir wagtyň özünde biz onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ol ýerde basyp alynmadyk ýekeje-de gala galmady. Biz olaryň jemi altmyş galasyny, Oguň Başandaky hanlygy bolan tutuş Argop topragyny basyp aldyk. 5Bularyň hemmesi berk diwarly, gulp bilen ýapylýan iki gat derwezeli berk galalardy. Bulardan başga obalar-da köpdi. 6Edil Heşbonyň hany Sihony ýok edişimiz ýaly, biz olary hem bütinleý ýok etdik. Ähli galalardaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. 7Emma ähli mal-garalary we galalardaky baýlyklary özümize olja edip aldyk. 8Şeýdip, biz Iordanyň aňyrsynda amorlaryň iki hanynyň ýurduny basyp aldyk. Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli 9(Sidonlylar Hermon dagyna Sirýon diýýärler, amorlar bolsa oňa Senir diýýärler), 10belent tekizlikdäki ähli galalary, tutuş Gilgady, Salka we Edreýe çenli Başandaky Oguň hanlygynda bolan ähli galalary basyp aldyk. 11(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».
Copyright information for TukLat16