Deuteronomy 3:12-22
Iordanyň gündogarynda ýer paýlanylýar
(Çölde 32:1-42)
12«Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim. 13Gündogardaky manaşa tiresine bolsa Gilgadyň galan ýarysyny we Oguň hanlygy bolan tutuş Başany, ýagny tutuş Argop topragyny berdim. (Tutuş Başan rapalaryň ülkesi diýip atlandyrylýardy.) 14Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr ▼▼Hawotýaýyr – bu söz Ýaýyryň obalary diýmegi aňladýar.
diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.) 15Makyra Gilgady berdim. 16Emma ruben we gat tirelerine Gilgat bilen Arnon jülgesiniň aralygyndaky ýerleri berdim. Jülgäniň ortasy olaryň günorta araçägi bolup, olaryň demirgazyk araçägi bolsa ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasydyr. 17Günbatar araçäk Iordan derýasy bolup, Kinneretden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan Araba düzlügi we Pisga dagynyň etekleri oňa degişlidir. 18Şol wagt men size şeýle buýruk berdim: „Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy mülk edinmek üçin size berdi. Ähli söweşijileriňiz ýaraglansynlar-da, ysraýyl doganlaryňyzyň öňünden ýöresinler. 19Diňe aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz meniň size beren galalarymda galsynlar. Men siziň köp mal-garalaryňyzyň bardygyny bilýärin. 20Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berenden soň we olar hem Hudaýyňyz Rebbiň Iordanyň aňyrsyndan özlerine berýän mülk ýerini eýelänlerinden soň, her biriňiz meniň size beren mülküme dolanyp gelip bilersiňiz“. 21Şol wagt men Ýeşuwa hem tabşyryk berip: „Hudaýyňyz Rebbiň bu iki hana näme edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz. Reb siziň üstünden geçjek ähli hanlyklaryňyzy şeýle eder. 22Olardan gorkmaň, çünki siz üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir“diýdim».
Copyright information for
TukLat16