Deuteronomy 5:1-21
1Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz. 2Hudaýymyz Reb Horepde biziň bilen äht baglaşdy. 3Reb bu ähti ata-babalarymyz bilen baglaşmady, Ol ähti biziň bilen, bu günki gün, bu ýerde diri galanlarymyzyň hemmesi bilen baglaşdy. 4Reb dagda ot içinden siziň bilen ýüzbe-ýüz durup gepleşdi. 5(Şol wagt Rebbiň sözlerini size ýetirmek üçin, Reb bilen siziň araňyzda men durdum, çünki siz otdan gorkup, daga çykmadyňyz)».On tabşyryk
(Müsürden çykyş 20)
«Reb şu on tabşyrygy berdi: 6„Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin. 7Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn. 8Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. 9Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb – gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. 10Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin. 11Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz. 12Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. 13Alty günde ähli işleriňi edersiň. 14Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin. Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler. 15Müsür ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň Reb saňa Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmegiňi buýurdy. 16Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň. 17Adam öldürme. 18Zyna etme. 19Ogurlyk etme. 20Biriniň garşysyna galp şaýatlyk etme. 21Başga kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme“.
Copyright information for
TukLat16