Exodus 18:13-27
Ýitro maslahat berýär
(Kanun taglymaty 1:9-18)
13Ertesi gün Musa adamlara kazylyk etmäge çykdy. Adamlar ertirden agşama çenli Musanyň töwereginde durdular. 14Musanyň gaýynatasy onuň adamlar bilen edýän ähli işlerini görende: «Adamlara edýän bu işiň näme boldugy? Näme üçin şunça adamy ýeke özüň kabul edýärsiň, bütin halk ertirden agşama çenli seniň töweregiňde dur» diýdi. 15Musa gaýynatasyna: «Munuň sebäbi adamlar Hudaýyň islegini bilmek üçin, meniň ýanyma gelýärler. 16Olaryň dawasy bolsa, maňa gelýärler. Men hem iki dawagäriň arasyndaky dawany çözüp berýärin we Hudaýyň parzlaryny, Onuň kanunlaryny olara aýan edýärin» diýdi. 17Musanyň gaýynatasy oňa şeýle diýdi: «Seniň edýän bu işiň gowy däl. 18Sen özüňi hem, adamlary hem kösäp, gynap ýörsüň. Bu iş seniň üçin gaty agyr. Seniň ýeke özüň muny ýerine ýetirip bilmersiň. 19Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir. 20Sen olara Hudaýyň parzlaryny we taglymatlaryny öwret. Olara haýsy ýoldan ýöremelidigini we näme iş etmelidigini görkez. 21Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý. 22Goý, hemişe olar adamlara kazylyk etsinler. Uly dawalary saňa aýtsynlar, emma kiçi dawalary özleri çözsünler. Şonda seniň üçin aňsadrak bolup, agyr ýüküň ýeňlär. 23Hudaýyň buýruşy ýaly, şeýle etseň, onda sen bu işiň hötdesinden gelersiň. Bu adamlaryň ählisi hem öýlerine kanagatlanyp gaýdarlar». 24Şeýlelikde, Musa gaýynatasynyň sözüne gulak goýdy. Onuň aýdan ähli zatlaryny ýerine ýetirdi. 25Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi. 26Olar halka hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary Musa getirdiler, emma kiçi dawalary özleri çözdüler. 27Soňra Musa gaýynatasyny ugratdy. Ýitro yzyna, öz ýurduna gaýtdy.
Copyright information for
TukLat16